«Post Shop» onlaýn dükany: «Türkmenpoçta» bilen eltip bermegiň amatly şertleri

12:3219.03.2024
0
18939

«Post Shop» internet dükany diňe bir harytlaryň köp sanly görnüşlerini däl, eýsem, Türkmenistanyň islendik nokadyna eltip bermek boýunça amatly şertleri hem hödürleýär. Şeýlelikde, onlaýn söwda hasaba alnanda ulanyjylar «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

Öýüňizden ýa-da iş otagyňyzdan çykman, ähli zerur zatlary sargyt ediň, «Türkmenpoçta» bolsa satyn alan harytlaryňyzy Türkmenistanyň islendik nokadyna eltip berer.

«Post Shop» dükanynda Türkmenistanyň raýatlary harytlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda: azyk önümlerini, hojalyk himiýa serişdelerini, kanselýariýa harytlaryny, kompýuter tehnikasy üçin enjamlary we başga-da köp zatlary tapyp bilerler.

Alyjynyň nirede ýerleşýändigine garamazdan, «Türkmenpoçta» «Post Shop» dükanyndan sargytlary gysga wagtda getirip berer: Aşgabada we onuň töwereklerine – 24 sagadyň içinde, welaýatlara – 3-5 günüň dowamynda.

Söwda üçin tölegleri nagt görnüşinde hem-de nagt däl görnüşinde geçirip bilersiňiz.

«Post Shop» dükanynyň artykmaçlyklaryndan söwda platformasynyň saýtynda, şeýle hem «Google Play-de» we «App Store-da» ýükläp almak üçin elýeterli bolan mobil programmasy arkaly peýdalanyp bilersiňiz. Şeýle hem (+993 65) 72 89 52 telefon belgisi arkaly harytlary eltip bermek hyzmatyny sargyt edip bilersiňiz.

Kompaniýanyň baş ofisiniň salgysy: Aşgabat, Mäti Kösäýew köç., 16.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň