Top.Mail.Ru

Türkmenistanda hepdäniň dowamynda ýagyşly howa bolar

11:1618.03.2024
0
42140
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda ýagyşly howa bolar
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar:

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk — günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10 — 12-den 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4... +6 gradusdan +9... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +14... +16 gradusdan +20... +22 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk — günbatardan günorta — gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8 — 13-den 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +17... +22 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11... +16 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk — günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7 — 12-den 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +11... +16 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk — günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7 — 12-den 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3... +8 gradusdan +9... +14 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +13... +18 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda ýagyş ýagar. Günorta — günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8 — 13-den 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +9... +14 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +11... +16 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk — günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8 — 13-den 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň