ITEA IT akademiýasy «HOZstudio» dizaýn studiýasy bilen bilelikde grafiki we UI/UX dizaýnyna bagyşlanan mowzuklaýyn agşam geçirer. Bu çäre döwrebap tehnologiýalar we döredijilik bilen gyzyklanýan, şeýle hem özüne çekiji we amatly sanly önümleri nädip döretmelidigi barada has giňişleýin öwrenmek isleýän her bir adam üçin gyzykly bolar.
Maksatnama şulary öz içine alýar:
Tejribeli hünärmenleriň çykyşlary:
«Grafiki dizaýn» ugry boýunça ITEA-nyň mugallymy Gurban Akmämmedow grafiki dizaýnyň ösüş meýilleri we professional hünärmenler tarapyndan ulanylýan gurallar barada gürrüň berer.
ITEA-nyň mugallymy we UX/UI boýunça Senior dizaýner Emir Hudaýberdiýew amatly we düşnükli ulanyjy interfeýsini döretmek boýunça öz tejribesini paýlaşar.
Esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak:
çärä gatnaşyjylar çykyş edýänlere sorag berip we kärdeşleri bilen pikir alyşyp bilerler.
Täze tanyşlyklar:
agşam gyzyklanmalaryňyzy paýlaşýan adamlar bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.
Gatnaşmak mugt. Çäre 30-njy martda sagat 16:00-da şu salgyda geçiler: «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, ofis A7.
Ýazylyşyk şu telefonlar esasynda:
- (+993 63) 42 67 51;
- (+993 63) 47 11 92.
Hasaba alynmak üçin salgy.