Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýada geçirilen halkara lukmançylyk forumyna gatnaşdy

20:5617.03.2024
0
10920
Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýada geçirilen halkara lukmançylyk forumyna gatnaşdy
Surat: mfa.gov.tm

14-15-nji mart aralygynda Seul şäherinde geçirilen «Medical Korea 2024 - The 14th Global Healthcare and Medical Tourism» atly halkara maslahatyň işine gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Koreýa Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Her ýyl geçirilýän lukmançylyk forumyň bu gezekki mowzugy saglygy goraýyş we lukmançylyk syýahatçylygyna bagyşlandy. Maslahatyň işine dünýäniň dürli ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli wekiliýetleri, alymlar hem-de bilermenler gatnaşdylar we bu ugurlarda bar bolan esasy wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministriniň orunbasary Kim He-Jin bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygyň gün tertibinde duran meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Türkmen wekiliýeti birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Koreý lukmançylygynyň ösüş milli institutynyň (NIKOM) prezidenti Jong Çang Hýon bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanda açylmagy meýilleşdirilýän Koreý adaty lukmançylygy merkeziniň döredilmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler hem-de bu ugurda häzirki wagtda alnyp barylýan bilelikdäki işler barada pikir alyşdylar. Şeýle-de saparyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Kýonbuk Milli uniwersitetiniň Çhilgok hassahanasynyň professory Kim Won Hwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň