«Rowachlan Galkynysh» TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergä öz önümleri bilen gatnaşdy

14:0817.03.2024
0
13926

Türkmenistanda we sebitde «Rowachpack» brendi bilen polipropilen gaplary öndürýändigi bilen tanalýan «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan köpugurly sergä gatnaşýar.

Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezindäki diwarlygynda kompaniýa öndürýän önümleriniň ähli görnüşini: polipropilen haltalary, big-begleri, torbalary we gaplaýyş gutularynyň beýleki görnüşlerini görkezýär. Şeýle hem myhmanlar «Rowachlan Galkynysh» HK-nyň ýaňy-ýakynda öndürip başlan täze önümlerini görüp bilerler. Mysal üçin, çyglylyga garşy içlikli şeker üçin haltalar.

«Rowachlan Galkynysh» önümçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrýar we önümleriniň görnüşlerini artdyrýar. Kärhana golaýda big-begleriň we gaplaýyş torbalarynyň goşmaça önümçiligini işe girizdi. Munuň özi kompaniýa önümçiligiň we eksportyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda «Rowachlan Galkynysh» HK-nyň önümleri GDA ýurtlarynyň köpüsine eksport edilýär. Geljekde önümleri ABŞ-a, şeýle hem Gündogar we Günbatar Ýewropa ýerlemek meýilleşdirilýär.

Sergä gatnaşmagy «Rowachlan Galkynysh» HK üçin Türkmenistanyň hususy pudagynyň barha artýan kuwwatyny görkezmek, şeýle hem gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ýene-de bir mümkinçilikdir.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary:

● telefonlar: (+993 62) 29 29 69 и (+993 12) 29 29 69;
● elektron poçta: rowachpack@gmail.com;
● sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň