Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» kärhanasy TSTB-niň sergisine gatnaşýar

12:2617.03.2024
0
15172

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän serginiň çäklerinde Türkmenistanyň aýakgap önümçiliginde öňdebaryjy «Röwşen» hususy kärhanasy uly ýaşlylar we çagalar üçin niýetlenen täze döwrebap aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrýar.

«Röwşen» — bu özüniň ýokary hilliligi, önümçilikde tebigy materiallary ulanýandygy hem-de häzirki zaman moda kybap gelýän dizaýny bilen tanalýan brenddir. Sergide kärhananyň öndürýän aýakgaplarynyň dürli görnüşli nusgalary — dürli ýaşdakylar üçin niýetlenen nusgawy görnüşden döwrebap sport aýakgaplaryna çenli önümleri hödürlenýär.

Sergä gatnaşyjylar brendiň täze önümleri bilen, şeýle hem «Röwşen» kärhanasynyň taryhy, önümçilik däpleri we gazanan üstünlikleri bilen tanşyp bilerler.

«Röwşen» — türkmen ýeňil senagatynyň üstünlikleriniň aýdyň mysaly. Kärhana yzygiderli kämilleşýär, täze tehnologiýalary özleşdirýär hem-de sarp edijilere ýokary hilli aýakgaplary hödürlemek bilen, önümleriniň assortimentini giňeldýär» — diýip, kärhananyň hünärmeni belleýär.

«Röwşen» HK-nyň önümleri bilen 17-nji martdan 19-njy marta çenli tanşyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň