15-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

08:2516.03.2024
0
12698

15-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy, senagat mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmek, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça anyk meýilnamalar kesgitlenildi, şeýle hem oba hojalygy, maliýe, energetika, senagat, parlament işi, bilim, halkara hyzmatdaşlygy we ulag ulgamlarynda göz öňünde tutulan möhüm wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öňde boljak çäreler

20-nji martda Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda, 27-nji martda bolsa Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine badalga berler.

27-nji martda Türkmenistanyň işewür wekiliýeti Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Tokio şäherine barar.

28-nji martda Aşgabatda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahaty geçiriler.

Maliýe we ykdysadyýet

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky fiziki şahslar üçin «Menzilara bank» ulgamyny işe girier. Bu ulgam ýurduň raýatlary üçin nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine ýardam berer.

Ýangyç-energetika toplumy

Türkmenistanda dünýädäki iň iri gaz ýatagy bolan «Galkynyş» gaz käniniň ulanyş-baha beriş guýulary gazylyp, senagat taýdan ähmiýetli bolan kükürtsiz gaz akymlary alyndy. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, şunuň bilen birlikde, gaz känlerinde gysga wagtda tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Senagat we önümçilik

Türkmenistanda elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryň önümçiligini ýola gaýmak maksady bilen, «Aşgabatenergo» we «Üznüksiz hyzmat» HK bilelikde «Üznüksiz çeşme» kärhanasyny dörederler. Täze kärhana daşary ýurtlardan getirilýän şeýle enjamlaryň önümçiligini işe girizmäge, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Ulag we logistika

«Türkmenhowaýollary» agentligi halkara standartlara laýyklykda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň enjamlaryna nobatdaky tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem üstaşyr geçýän daşary ýurtly ýolagçylaryň sanynyň artmagy bilen paýtagtyň howa menziliniň doly güýjünde işledilýändigi habar berildi.

Parlament işi

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary «Türkmenistan — Awstriýa» we «Türkmenistan — Kipr» parlamentara dostluk toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de agzalary bilen duşuşyklary geçirdiler. Olaryň barşynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň geňeşçileriniň we Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda daşary söwda düzgüni hakynda Ähtnamany taýýarlamak bilen bagly meseleler boýunça iş duşuşygy geçirildi.

Bilim

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary hem-de ylmy-amaly maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär:

  • Iňlis dili dersi boýunça III halkara internet olimpiadasy (10-11-nji aprel);
  • Makroykdysadyýet hem-de dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça II Açyk halkara internet olimpiadalary, maliýe bazarlary barada halkara maslahat (aprel-maý);
  • Halkara ynsanperwer hukugy boýunça düzme ýazmak bäsleşigi (15-nji aprel – 1-nji maý);
  • Nazary mehanika dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy (6 – 11-nji maý);
  • Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasy (11-nji maý);
  • Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlaryň talyplarynyň arasynda halkara gatnaşyklar boýunça halkara olimpiada (22 – 25-nji maý);
  • Binagärlik boýunça halkara ylmy-amaly maslahat (4-5-nji iýun).

Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň 10 – 13-nji mart aralygynda Awstriýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim ulgamlarynda we beýleki ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, Awstriýanyň döwlet düzümleri, işewür toparlary we halkara guramalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň