Soňky habarlar

Arhiw

Awstraliýada «Titanik» gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar

09:5815.03.2024
0
8371
Awstraliýada «Titanik» gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar
Surat: ren.tv

Awstraliýada 1912-nji ýylda gark bolan meşhur «Titanik» transatlantik gämisiniň nusgasyny gurup, suwa goýbermekçi bolýarlar. Ol 2027-nji ýylda gatnawa goýberiler diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «Ren.tv» habar berdi.

Gämini ýerli milliarder Kliw Palmeriň «Blue Star Line» kompaniýasy gurmakçy.

Dokuz palubaly gämi iň häzirki zaman howpsuzlyk we nawigasiýa ulgamlary bilen üpjün ediler, onuň bezegi bolsa, asyl nusgadaky gäminiňkä meňzeş bolar. Ol ilkinji gatnawyny öňki gark bolan «Titanik» ýaly, Sautgemptondan Nýu-Ýorka amala aşyrar.

Deslapky maglumatlara görä, täze «Titanigiň» bahasy milliard funt-sterlinge deň bolar. Işewür Palmer bu taslama gatnaşmaga isleg bildirip, köp adamyň isleg bildirendigini habar berdi, diýmek, gämini gurmakda serişde ýeterlik bolar.

1912-nji ýylyň 15-nji aprel gijesi Atlantik ummanynda buzdagy bilen çaknyşyp, suwuň astyna giden «Titanik» gämisinde 2200-den gowrak ýolagçy bardy. Olaryň 1,5 müňüsi heläk boldy, 712 ýolagça we ekipažyň agzalaryna halas bolmak başartdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň