ÝÇL-iň çärýek finalynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy

09:5614.03.2024
0
16836

Ispaniýanyň «Atletiko» kluby Italiýanyň «Inter» toparyny ýeňip, Ýewropa çempionlar ligasynyň çärýek finalyna gatnaşmaga hukuk berýän soňky ýollanma eýe çykdy.

Toparlaryň arasyndaky deslapky oýun Milan şäherinde geçirilip, onda «Inter» 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Jogap oýnunyň esasy we goşmaça wagty bolsa «Atletikonyň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

«Interiň» düzüminde Federiko Dimarko (33), «Atletikonyň» düzüminde bolsa Antuan Grizman (35) we Memfis Depaý (87) tapawutlandy. Oýundan soňky 11 metrlik urgularda bolsa 3:2 hasabynda ispan kluby ýeňiş gazandy.

Günüň beýleki gapma-garşylygynda Germaniýanyň «Borussiýa» (Dortmund) kluby öz öýünde Niderlandlaryň «PSW» toparyny kabul edip, 2:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy. Ýer eýeleriniň gollaryna Jeýdon Sanço (3) we Marko Roýs (90+5) awtorlyk etdi. Toparlaryň arasyndaky Niderlandlarda geçirilen deslapky oýun 1:1 hasabynda deňlikde gutarypdy.

Mundan ozal, Angliýanyň «Mançester Siti» we «Arsenal», Ispaniýanyň «Real» we «Barselona», Fransiýanyň «PSŽ», Germaniýanyň «Bawariýa» klublarynyň ÝÇL-iň çärýek finalyna ýollanma alandygyny habar beripdik.

Çärýek finalyň bijeleri 15-nji martda çekiler. Tapgyryň deslapky oýunlary 9-10-njy aprelde, jogap duşuşyklary bolsa 16-17-nji aprelde geçiriler. ÝÇL-iň final oýny 1-nji iýunda Londondaky «Uembli» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň