13-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

10:4113.03.2024
0
12729

Türkmenistan Gazagystana, Azerbaýjana we Türkiýä energiýa serişdelerini ibermäge taýýardyr, Aşgabatda geçirilen TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşyjylar bilelikdäki Beýanaty kabul etdiler, Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdeligine bellenildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň tebigy gazy we elektrik energiýasyny Gazagystana, Azerbaýjana, Türkiýä eksport etmek üçin gowy mümkinçilikleri bar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň dowamynda aýdyp geçdi. Halk Maslahatynyň Başlygynyň bellemegine görä, Türkmenistan geljegi uly ugurlara aýratyn üns bermek bilen, TDG-niň çäklerinde yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardyr.

2. 11-12-nji martda Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Aksakgallar aç-açanlyk, dostlukly, netijeli ýagdaýda özara gyzyklanma bildirilýän has möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar. Ýaşulular ylmy hyzmatdaşlygy, akademiki barlaglary ösdürmek hem-de bilelikdäki halkara maslahatlary geçirmek arkaly türki dünýäniň taryhyny mundan beýläk-de wagyz etmäge aýratyn üns berdiler. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Beýanat kabul edildi.

3. Türkmenistanyň Gahrymany, russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdeligine bellenildi. Daniýaly astronawt Andreas Mogenson kärdeşine stansiýanyň simwoliki açaryny gowşurdy. Şondan soňra däbe görä, gäminiň jaňy kakyldy. Kononenko HKS-e şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli ýolbaşçylyk eder. Bu döwürde ol özüniň kosmosda bolmagyň umumy dowamlylygy boýunça dünýä rekordyny 1110 gije-gündize çenli ýetirer.

4. Ýerewan döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi. Maslahada Ermenistanda akkreditlenen diplomatik toparyň wekilleri, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary, edebiýatşynaslar, Ermenistanyň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda ÝDU-nyň türkologiýa kafedrasynyň müdiri Aleksandr Safarýanyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň müdiri Gülrüh Gurbanowanyň we Ermenistanyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Aram Grigorýanyň çykyşlary diňlenildi.

5. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi uly ösüşe eýe bolup, 2022-nji ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 17% artdy. Munuň özi ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we üstaşyr ýükleriň geçirilmegi üçin döwrebap şertleriň döredilmegi netijesinde mümkin boldy. Üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde ösüş depgini şu ýylda hem saklanýar – 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5% ýokarlandy.

Dünýäde

6. ABŞ-nyň Milli aerokosmiki agentligi (NASA) Ýupiteriň Ýewropanyň Ýupiter emeli hemrasyna tarap barýan «Europa Clipper» kosmiki gämisine ýerleşdiriljek demir nyşanyň dizaýnyny görkezdi. Onuň daşky tarapynda dünýäniň 103 dilinde ses tolkunlarynyň görnüşinde «suw» sözüniň aýdylyşynyň şekili çekilipdir. Nyşanyň iç ýüzünde başga siwilizasiýalaryň sanyny sanamagyň formulasy bolan Dreýkiň deňlemesi bar. «Europa Clipper» taslamasy 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabryna meýilleşdirilýär. Bu enjam 2,6 milliard kilometri geçer we 2030-njy ýylda barmaly nokadyna ýeter. Taslamanyň maksady — gizlin ummany gözlemek we bu hemranyň ýaşaýşy goldamak mümkinçiliklerini öwrenmekden ybaratdyr.

7. Haýwanlary goraýjylaryň tassyklamagyna görä, fransuzlaryň gurbaga aýaklaryna bolan höwesi Aziýadaky köp sanly görnüşleri howp astyna salýar. Alymlar hem-de weterinarlar topary howsalaly duýduryş berýärler we Fransiýanyň ýolbaşçylaryny aýgytly çäre görmäge çagyrýarlar. Dürli guramalardan 500-den gowrak hünärmen Prezident Emmanuel Makrona hat ýazyp, «gurbagalaryň aşa köp ulanylmagynyň bes edilmegini» we iň köp talap edilýän görnüşleriň berk goralmagynyň üpjün edilmegini islediler. Gurbagalar ekoulgamlarda we fermalarda möhüm orna eýedirler. Howuzlardaky gurbaga çagalary suwy arassalaýarlar, gurbagalar daýhanlara ulanylýan dökünleriň möçberini azaltmaga kömek edýärler, hatda çybynlary iýip, ýokanç kesellere garşy göreşýärler.

Sport habarlary

8. Türkmenistan milli ýygyndysynyň hokkeýçileri Bişkekde geçirilýän dünýä çempionatynyň «A» toparynyň üçünji diwzionynda ilkinji ýeňşini gazandylar. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda baş tälimçi Baýram Allaýarowyň şägirtleri Günorta Afrika Respublikasynyň milli ýygyndysyny 4:3 hasabynda ýeňdiler. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Kerimli Çaryýew we GAR-yň toparynyň hüjümçisi Žan-Mişel vwn Dusburg duşuşygyň iň gowy oýunçylary diýlip ykrar edildi.

9. Futbol boýunça Türkmenistan çempionatynyň 3-nji tapgyrynda «Aşgabat» öz meýdançasynda «Merwden» üstün çykdy. Duşuşyk Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy. «Aşgabadyň» ýeke-täk goluna birinji ýarymyň 47-nji minudynda Şatlyk Gurbanow öz adyny ýazdyrdy. Bu ýeňşiň netijesinde, «Aşgabat» 7 utuk toplap, Ýokary liganyň sanawynda ikinji orny eýeledi. Häzirlikçe «Ahal» 9 utuk bilen öňde barýar. 3 utugy bolan «Merw» 6-njy orna düşdi. 4-nji tapgyryň oýunlary 29-30-njy martda geçiriler.

10. Türkmenistanyň wekilleri Dubaý şäherinde tamamlanan para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda medallaryň altysyny – 2 altym 2 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar. BAE-däki ýaryşa 32 ýurtdan mümkinçiligi çäkli türgenleriň 173-si gatnaşdy. Para-pauerlifting daýanç-hereket ediş agzalary zelelli adamlar üçin sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar. Türgen maşklary ýerine ýetiren wagtynda bedeniniň ýokarky böleginiň güýjüni görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň