Soňky habarlar

Arhiw

Bananyň dünýä nyrhlary gymmatlar diýlip garaşylýar

09:0813.03.2024
0
7302
Bananyň dünýä nyrhlary gymmatlar diýlip garaşylýar
Surat: gazeta.ru

Bananyň dünýä nyrhlary howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, golaý ýyllarda gymmatlar. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň bananlar boýunça bütindünýä forumynyň hünärmeni Paskal Lýuwe salgylanýan «BBC» habar berdi.

Ählumumy maýlama käbir ýerlerde bananyň hasylynyň ýok bolmagyna getirip biler, sebäbi bu miwe howanyň derejesine duýgurdyr diýip, Lýu belledi. Galyberse-de, has maýyl gurşawda bananlarda dürli keselleriň ýaýramagy çaltlanýar diýip, hünärmen sözüniň üstüne goşdy. «Banan meýdanlaryna kesel aralaşdygy, ähli agaçlar heläk bolar, olary keselden goramak gaty kyn» diýip, ady agzalan neşir ýazýar.

Bananyň gymmatlamagyna getirip biljek ýagdaýlar hökmünde hünärmen döküniň, energiýanyň we daşamagyň gymmatlamagyny, şeýle-de pudakda hünärmenleriň ýetmeýändigini görkezdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň