Soňky habarlar

Arhiw

Astrahan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

14:2412.03.2024
0
12186
Astrahan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi
Surat: asu.edu.ru

W.N.Tatişşew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli telewiktorina geçirildi. Çäre «Dostluk teleköprüsi» taslamasynyň çäklerinde guraldy-diýip, Astrahan döwlet uniwersitetiniň web sahypasynda habar berildi.

Bu çärä Astrahan döwlet uniwersitetin talyplary, Astrahandaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdebiň şeýle hem Aşgabadyň A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda Astrahan döwlet uniwersitetiniň halkara işleri boýunça prorektory Angelina Fadina we Aşgabadyň A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň müdiri Irina Kuminowa gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Soňra onlaýn görnüşinde iki bilim edarasynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişmek dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly sowal-jogap alşyldy. Gatnaşyjylar bilim derejelerini, ukyp-başarnyklaryny görkezip, beýik türkmen şahyrynyň ajaýyp goşgulary ýerine ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň