Top.Mail.Ru

Türkmenistanda öndürilýän akkumulýatorlar daşary ýurtlara eksport edilýär

11:2012.03.2024
0
9547
Türkmenistanda öndürilýän akkumulýatorlar daşary ýurtlara eksport edilýär
Surat: turkmenistan.gov.tm

«Kökçi» hojalyk jemgyýetinde şu ýylyň başyndan bäri akkumulýatorlaryň 15 810 sanysy öndürilip, zähmet üstünligi gazanyldy. Bu «Türkmen gündogary» gazeti tarapyndan habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, hojalyk jemgyýetinde Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody bilen hyzmatdaşlykda awtoulaglar üçin niýetlenilen «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» kysymly akkumulýatorlaryň birnäçe görnüşi öndürilýär.

Önümler ýurduň içinde hem, daşynda hem uly islegden peýdalanýar. Öndürilýän önümiň bir bölegi Azerbaýjana, Ermenistana, Gyrgyzystana, Täjigistana we Owganystana eksport edilýär. Şu ýylyň geçen iki aýynda olaryň 6 müň 400 sanysy daşary ýurtlara eksport edildi. Geçen ýyl bolsa jemi öndürilen 76 müň 682 akkumulýatoryň 24 müň 784 sanysy daşary ýurtlara iberildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň