Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdeligine bellendi

11:4712.03.2024
0
62668

Russiýanyň asly türkmenistanly kosmonawty Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň komandiri wezipesine bellendi. Oňa bu wezipäni Daniýadan Ýewropanyň kosmos agentliginiň astronawty Andreas Mogenson geçirdi diýip, «Roskosmos» döwlet korporasiýasyna salgylanýan «Ren.tv» habar berdi.

Serkerdeligi geçirmek bilen, Mogenson oňa bekediň simwoliki açaryny gowşurdy. Şondan soňra däbe görä, gäminiň jaňy üç gezek kakyldy.

«Oleg Kononenko HKS-e 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli ýolbaşçylyk eder» diýlip, habarda aýdylýar.

Kononenko Türkmenabat şäherinde doglup, şol ýerde-de önüp-ösdi. Ol Türkmenistanyň Gahrymanydyr.

Kononenko bu döwürde özüniň älemde bolmagynyň dünýä rekordyny täzelär. Ýagny ol 1110 gije-gündiz älemde bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň