«Nurul-Jihad» kiçi bekediniň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça duşuşyk geçirildi

12:5511.03.2024
0
16004
«Nurul-Jihad» kiçi bekediniň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça duşuşyk geçirildi
Surat: newscentralasia.net

10-njy martda Owganystandaky iň uly elektrik kompaniýasy bolan «Da Afghanistan Breshna Sherkat»-nyň (DABS) wekilleriniň we Türkmenistan Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan halkara elektrik energiýasy taslamalary bölüminiň başlygy Myrat Artykowyň we Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

DABS-yň habaryna görä, duşuşyk «Nurul-Jihad» kiçi bekedini we elektrik geçiriji liniýalaryny ösdürmek taslamalaryna bagyşlandy. Duşuşykda zerur enjamlaryň geçirilmegi, galan taslama işleriniň tamamlanmagy ýaly işler maslahatlaşyldy we maglumat berildi diýlip, metbugat beýanatynda aýdylýar.

Hyratdaky «Nurul-Jihad» kiçi bekediniň döwrebaplaşdyrylmagy, Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importynyň köpelmegi bilen bir hatarda Owganystanyň demirgazyk-günbatar zolagynda elektrik ýetmezçiligini ep-esli azaldar diýlip garaşylýar. Elektrik ýetmezçiligi meselesini çözmek içerki önümçiligiň, ykdysady ösüşiň, oba hojalygynyň ösmegine we sebitdäki işleriň işjeňligine oňyn täsir eder diýlip, «nCa» tarapyndan berlen habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň