Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Balkan» sement kärhanasynda ýokary hilli sement öndürilýär

10:1011.03.2024
0
15219
«Balkan» sement kärhanasynda ýokary hilli sement öndürilýär
Surat: turkmenistan.gov.tm

«Balkan» sement kärhanasynda 2023-nji ýylda 908 müň tonnadan gowrak ýokary hilli sement öndürildi. 170 million manatlyga derek 179,3 million manatlyga golaý iş ýerine ýetirildi. Gazanylan netijeler bu ýyl has-da berkidilýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilýär. Maglumatlara görä, diňe ýanwar aýynda 65 müň tonna sement öndürmegiň meýilnamasy 118,4 göterim, taýýar önümi ýerleşdirmegiň tabşyrygy 134 göterim amal edildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýanwarda önümçiligiň ösüş depgininiň 161 göterime golaý ýokarlandyrylandygyny nygtamak gerek diýlip, habarda bellenilýär.

«Balkan» sement zawodynda 2023-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasyndan «Z-50» kysymly kuwwatly ýük ýükleýjileriň birnäçesiniň satyn alnyp berilmegi iş depginini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Umumy meýdany 50 gektar ýeri tutýan zawodda sement önümçiligi karýer hojalygyndan başlanýar. Kuwwatly awtoulaglarda bökdençsiz daşalýan çig mal döwüji, üweýji, bişiriji sehlerden geçensoň, sement degirmenine gönükdirilýär. Olardaky, şeýle hem zawodyň awtoulag, mehanika, energetika, awtomatika bölümlerindäki önümçilik işleriniň ählisi kompýuterlerdir kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan dolandyryş merkezinden takyk amala aşyrylýar.

Zawodyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanasy zerur tehnologik we himiki seljermeleri geçirmäge, netijede, gelip gowuşýan çig malyňdyr taýýar önümleriň hil derejesini kepillendirmäge mümkinçilik berýär. Barlaghanada ýokary hilli sement taýýarlamagyň möhüm şerti bolan çig mallaryň — toýnuň, hek daşynyň, fariniň, garyndynyň, klinkeriň himiki barlaglary ýerine ýetirilýär. Zawodyň ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän önümleriniň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugy tarapyndan güwänamalaşdyrylandygyny hem bellemelidir.

— Kärhanamyzda sementiň dürli görnüşini öndürmek üçin gerekli çig mallaryň 90 göterimden gowragynyň ata Watanymyzyň hut öz çäklerinde ýeterlikdigi guwandyryjydyr. Ähli işlerimiz işine ökde hünärmenlerimiz tarapyndan başarjaňlyk bilen dolandyrylýar. Zähmet çekýän 900-den gowrak hünärmeniň ortaça ýaşy 35-den geçenok. Olaryň hünär başarnyklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Iş orunlarynyň her birinde tehniki howpsuzlyk we zähmet düzgünleriniň pugta berjaý edilmegi esasy şert bolup durýar. Zawodda zähmet çekýänler ýörite buýurmalar esasynda tikilen iş egin-eşikleri bilen hem birkemsiz üpjün edilýär. Şeýle ýokary kuwwatly kärhanada gelin-gyzlarymyzyň hem 180-den gowragy göreldeli zähmet çekýär. Işçileriň, inžener-tehniki işgärleriň we olaryň maşgala agzalarynyň ýurdumyzyň sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda bolup, saglygyny berkitmeklerine we sapaly dynç almaklaryna-da ýakyndan hemaýat berýäris — diýip, zawodyň tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Ýunus Geldiýew aýdýar.

Gysga wagtda milli ykdysadyýetiň üstünlikli işleýän kärhanalarynyň hatarynda özüne mynasyp orun tapmagy başaran zawodda taýýar önümler görnüşleri boýunça haltalara gaplanylyp, ýörite awtoulaglara we wagonlara ürgün görnüşinde guýulýar hem-de ýurtda alnyp barylýan gurluşyklara gündelik ugradylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, okary hilli sementiň Arkadag şäherinde we paýtagtda alnyp barylýan gurluşyklarda-da giňden ulanylýandygy hünärmenleri örän buýsandyrýar. Kärhananyň önümçilik düzümlerindäki zähmet joşguny bu ýerde şu ýyl jemi 910 müň tonna sement öndürmek baradaky meýilnamanyň artygy bilen berjaý ediljekdigine ynam döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň