Top.Mail.Ru

Türkmenistanda hepdäniň başynda ýagyşly howa bolar

10:0011.03.2024
0
35109
Türkmenistanda hepdäniň başynda ýagyşly howa bolar
Surat: rg.ru

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda şeýle bellenilýär:

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11... +16 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7... +12 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7... +12 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +11 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3... +8 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +2 gradusdan +6... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +11 gradusdan +20... +22 gradus aralygynda maýyl bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň