Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystanynda iki kilometrlik gökdirän gurmakçy bolýarlar

08:0009.03.2024
0
9714
Saud Arabystanynda iki kilometrlik gökdirän gurmakçy bolýarlar
Surat: belta.by

«Foster + Partners» binagärlik edarasy Er-Riýadda beýikligi 2 kilometrlik gökdirän gurmagy meýilleşdirýär diýip, «Parametric Architecture» onlaýn-platformasyna salgylanýan «Belta.by» habar berýär.

Eger bina gurulsa, ol dünýäde iň beýik gökdirän bolar. Häzir bu ugurda öňdeligi Dubaýdaky Burj-Halifa gökdiräni eýeleýär, onuň beýikligi 818 metr we dünýäde aňrybaş derejedäki beýik gökdirän hasaplanýar.

Täze taslamanyň guramaçysy Nýu-Ýorkdaky maliýe hyzmatlaryny edýän «JPMorgan Chase World» firmasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň