Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi

07:5908.03.2024
0
23943

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda, 7-nji martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy. Oňa ýurduň dürli künjeklerinden gelen zenanlar tomaşa etdiler. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar bar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, baýramçylyk konsertine Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri hem çagyryldy.

Baýramçylyk konserti meşhur aýdymçylaryň, teatr artistleriniň, birleşen döredijilik-tans we hor toparlarynyň, şol sanda «Güneş» çagalar horunyň we «Şowhun» çagalar tans toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda goýlan aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy bolan Türkmenistana buýsanç beýan edildi.

Konsert meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlarda ýurduň mährem we gözel zenanlaryna joşgunly gutlaglar beýan edildi. Olaryň hoşniýetliligini we sadalygyny, asyllylygyny we paýhaslylygyny, gözelligini we wepalylygyny, enelik söýgüsini we näzikligini wasp edýän göwün göteriji aýdymlar ýaňlandy.

Mukamlar köşgüniň ajaýyp sahnasynda meşhur sungat ussatlary bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam basan ýaş ýerine ýetirijiler hem çykyş etdiler. Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary tomaşaçylara milli we daşary ýurt nusgawy aýdym-saz eserleriniň çemenini sowgat berdiler. Ýaş aýdymçylar we «Mukam» skripkaçylar topary «Jana-jan enem» atly liriki eser arkaly öz zehinlerini görkezdiler hem-de mähirli duýgularyny beýan etdiler.

Sahnada türkmen şahyrlarynyň zenan gözelligini wasp edýän şygyrlarynyň esasynda dörän aýdymlar ýaňlandy. Türkmenistanyň döwlet tans ansamblynyň, «Serpaý» folklor toparynyň we «Näzli», «Galkynyş», «Aşgabat», «Meňli», «Altyn miras», «Laçyn» tans toparlarynyň çykyşlary konserte aýratyn näziklik öwüşginini çaýdy. Olar tansyň üsti bilen zenanlara bolan mähribanlygy we hormat-sarpany beýan etdiler. Ähli çykyşlar wideoşekiller bilen utgaşdyryldy.

«Miras» folklor toparlarynyň ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy konserte gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen utgaşdy.

Konsertiň ahyrynda «Bu bagtyýar Diýarda zenanlara sarpa bar» atly ajaýyp aýdymy dabara gatnaşyjylaryň ählisi bilelikde ýerine ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň