Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Özbegistanyň gadymy Hywa şäherine «2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň jahankeşdelik merkezi» diýen güwänamany gowşurdy diýip, «Kazinform» habar berýär. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Ahmad Kawesa Sengendo Hywanyň häkimine degişli güwänamany gowşurdy.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan 2022-nji ýylda Baku şäherinde geçen gurama agza ýurtlaryň jahankeşdelik ministrleriniň XI ýygnagynda Hywa şäherine «2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň jahankeşdelik merkezi» diýen derejäni bermek hakynda karar kabul edilipdi.
Hywa şäherine bu derejäniň berilmegi bilen baglylykda, şu ýylyň maýynda gurama agza-ýurtlaryň jahankeşdelik ministrleriniň XII ýygnagy geçiriler, onuň çäklerinde «Horezm hanlarynyň tagamlary» diýen aşhana festiwalyny, ylmy-amaly maslahaty we foto we çeper sergileri guramak meýilleşdirilýär.
Noýabrda «Zyýaratçylyk turizmi boýunça halkara hepdeligiň» çäklerinde «Khiva–Touristic Centre of Islamic Civilization» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler.