Turkmenportal logo
07.03.24
1588915889
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýada bu ýyl Remezan giňden bellener
Surat: mir24.tv

Germaniýada ilkinji gezek Remezan giňden bellener. Ýurduň Maýn boýundaky Frankfurt şäheri bu baýrama bagyşlanyp bezelen ilkinji şäher boldy diýip, «MIR 24» ýazýar.


Munuň sebäbi şäheriň her altynjy ýaşaýjysy musulmandyr. Bu 150 müň adam diýildigidir. Şonuň üçin şäheriň häkimligi olara sowgat etmek kararyna geldi. Ýagny merkezi köçelerde yslamy alamatlandyrýan bezegli çyralar asyldy. Bezegleri daşary ýurtlardan satyn aldylar, olar şäheriň gaznasyna 100 müň ýewro düşdi diýlip, habarda bellenýär.