Soňky habarlar

Arhiw

«Real» we «Mançester Siti» ÝÇL-iň çärýek finalyna çykdy

11:0107.03.2024
0
15150

Ýewropa çempionlar ligasynyň häzirki çempiony Angliýanyň «Mançester Siti» topary ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň jogap oýnunda öz öýünde Daniýanyň «Kopengagen» klubuny kabul edip, 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. «Sitiniň» düzüminde Manuel Akanji (5), Hulian Alwares (9) we Erling Holand (45+3) tapawutlandy. Bu jübütiň deslapky oýnunda hem Hosep Gwardiolanyň topary şol hasapda garşydaşyndan üstün çykdy.

Günüň beýleki gapma-garşylygynda Ispaniýanyň «Real» kluby öz öýünde Germaniýanyň «Leýpsig» topary bilen 1:1 hasabynda deň oýnady. Duşuşykda ýer eýeleriniň goluna Winisius (65), myhmanlaryň goluna bolsa Willi Orban (68) awtorlyk etdi. Şeýlelikde, toparlaryň arasyndaky birinji oýunda myhmançylykda 1:0 hasabynda gazanylan ýeňiş, «Realy» indiki tapgyra çykardy.

Mundan ozal «PSŽ» we «Bawariýa» toparlarynyň ÝÇL-iň çärýek finalyna çykandyklaryny habar beripdik. Turniriň ýene 4 sany çärýek finalçysy 12-13-nji mart günlerine anyklanar.

ÝÇL-iň çärýek finalynyň bijesi 15-nji martda çekiler. Çärýek finalyň deslapky oýunlary 9-10-njy aprelde, jogap oýunlary bolsa 16-17-nji aprelde geçiriler. Ýaryşyň finaly 1-nji iýunda London şäherindäki «Uembli» stadionynda oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň