Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy

11:3206.03.2024
0
37179

"Türkmenhowaýollary" agentliginiň amala aşyrýan halkara gatnawlarynyň sany artdy. Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Aşgabatdan Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hoşimin şäherine “Boeing 777-200 LR” kysymly häzirki zaman uçary ilkinji uçuşy amala aşyryp, ol täze ugur boýunça ýola goýlan howa gatnawlarynyň başyny başlady.

Aşgabatdan baran uçardaky ýolagçylary Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hoşimin şäheriniň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň wekilleri mähirli garşyladylar. Şeýle hem olar Türkmenistandan Wýetnam Sosialistik Respublikasyna yzygiderli howa gatnawynyň ýola goýulmagy hem-de bu ugurda ilkinji uçuşy üstünlikli amala aşyryp, türkmen uçarynyň Hoşimin şäherine gelmegi bilen gutladylar.

Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlary hepdede iki gezek amala aşyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň