Turkmenportal logo
05.03.24
1440014400
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ajaýyp asyryň» ýyldyzy türk seriallarynyň üstünliginiň syryny paýlaşdy
Surat: kino.mail.ru

«Ajaýyp asyr» serialynyň ýyldyzy Burak Özçiwit Russiýada geçýän Bütindünýä ýaşlar festiwalynda türk seriallarynyň üstünliginiň syryny paýlaşdy. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Mail.ru» ýazýar.


Aktýor türk kino senagatyny dünýäde önümçiligiň möçberi boýunça iň öňdebaryjylaryň biri diýip belledi. Özçiwitiň sözlerine görä, türk seriallarynyň meşhurlygynyň sebäbi olardaky çyn duýgulardyr.


«Biz seriallarymyzyň üsti bilen bütin dünýäniň adamlaryna öz söýgümizi bagyş edip bilýäris, söýgi bolsa, iň gymmatly duýgudyr. Söýgi ählumumy güýçdür» diýip, türk aktýory nygtady.


2021-nji ýylyň fewralynda Burak Özçiwit «Döreýiş: Osman» serialyny surata düşüriji toparyň düzüminde Groznyý şäherinde bolup, Çeçenistanyň döwlet Baştutany Ramzan Kadyrow bilen duşuşdy.