5-nji martdan başlap, «Elektronika dünýäsi» dükanynda aksiýa geçirilýär: «TCL» split ulgamynyň islendik görnüşi satyn alnanda, sowgat hökmünde eltip bermek we gurnamak hyzmatlary mugt ýerine ýetirilýär.
Aksiýanyň dowamynda «TCL» howa sowadyjylaryny alyjylara şu hyzmatlar mugt hödürlener:
- sertifikatlaşdyrylan hünärmenler tarapyndan professional derejede gurnama işleri.
- adaty gurnama üçin ýeterlik bolan uzynlygy 3 metre ýetýän mis turbalar toplumy.
- içki we daşky bloklary ygtybarly gurnamak üçin berkidijiler toplumy.
- howa sowadyjyny ulgama birikdirmek üçin elektrik kabeli.
- Aşgabat şäheri boýunça mugt eltip bermek hyzmaty.
Näme üçin «TCL» howa sowadyjysyny saýlamaly?
«TCL» – Hytaý Halk Respubliksynyň elektronika we hojalyk harytlaryny öndürýän brendi bolup, özüniň ýokary hilli harytlary hem-de amatly bahalary bilen meşhurdyr.
«TCL» howa sowadyjylary – görnüşleriniň köpdürlüligi, sessiz işlemegi we inwertor nusgalarynyň ýokary energiýa tygşytlylygy, şeýle hem öz-özüni arassalamak funksiýasy esasynda galyndysyz we bakteriýasyz arassa howany hödürleýändigi bilen tapawutlanýarlar.
«Elektronika dünýäsi» dükany ähli «TCL» howa sowadyjylaryna 1 ýyl kepillik berýär.
«Şu gün «TCL» howa sowadyjylaryny sargyt ediň we tomsuň yssysynda salkyn howadan we rahatlykdan lezzet alyň!» diýip, «Elektronika dünýäsi» dükanynyň wekili belledi.
Ýatlatsak, «Elektronika dünýäsi» dükanynda «Samsung», «Bosch», «Hitachi», «Karcher», «TCL», «Delonghi» we «Gorenje» ýaly dünýäniň öňdebaryjy brendleriniň hojalyk tehnikalarynyň we elektronika enjamlarynyň dürli görnüşleri hödürlenýär.
Dükanyň ýerleşýän salgysy: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 183, «Elektronika dünýäsi» binasy.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- telefonlar: (+993 60) 14 22 53, (+993 12) 95 20 93;
- sosial ulgamdaky sahypasy.