Soňky habarlar

Arhiw

«Titanik» filmindäki agaç gapy satuwa çykaryldy

11:3504.03.2024
0
12538
«Titanik» filmindäki agaç gapy satuwa çykaryldy
Surat: sb.by

Gark bolýan meşhur «Titanik» gämisinden Rouz atly baş gahryman gyzy halas eden rowaýaty gapy ABŞ-da satuwa çykaryldy. Oňa 40 müň dollar möçberde başlangyç nyrh kesildi.

Adybir filmde görkezilýän agaç gapyny heläkçilikden soň saklanyp galan gäminiň böleklerinden ýasadylar diýip, «Ren.tv» teleýaýlymy habar berýär.

Görlüp oturylsa, aktrisa Keýt Uinsletiň gahrymanyny halas eden agaç bölegi aslynda gapy däl-de, gäminiň diwarynyň bir bölegi ekeni. Galyberse-de, filme tomaşa edenler uzynlygy iki ýarym metrden geçýän agaç böleginde gahrymanlaryň ikisiniň hem ýerleşip biljekdigini bellediler.

Söwda-satyg auksionynda «Titanik» gämisine degişli başga-da köp zatlar satylar, olaryň arasynda Rouzyň köýnegi hem bar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň