Top.Mail.Ru

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi

23:5602.03.2024
0
14925

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýä iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, şeýle-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşyklary boldy.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça täze resminamalara gol çekildi.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda “Nest” kongresler merkezinde üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşyp, onuň barşynda çykyş etdi. Çykyşyndan soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türk žurnalistleriniň käbir sowallaryna jogap berdi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkiýä iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa şäheriniň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Aşgabada ugrady.

Birnäçe wagtdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagy resmi adamlar, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok garşyladylar.

Howa menzilinde ilçi bilen gysgaça söhbetdeşlik boldy. Diplomat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlap, bu saparyň özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözleri üçin ilçä minnetdarlyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyga, şol sanda köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny we iki ýurduň bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna gönükdirilen netijeli özara başlangyçlaryny hemişe goldaýandyklaryny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň