Turkmenportal logo
02.03.24
1633316333
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2024-nji ýylyň tomsy çakdanaşa yssy bolar diýlip garaşylýar
2024-nji ýylyň tomsy çakdanaşa yssy bolar diýlip garaşylýarSurat: news.ru

Dünýäniň birnäçe böleklerinde 2024-nji ýylyň iýunyna çenli rekord derejede yssy howa garaşyp bolar, munuň sebäbi El-Nino hadysasydyr diýlip, «Scientific Reports» neşirinde çap edilen ylmy-barlaga salgylanýan «News.ru» habar berýär. Žurnalyň maglumatlaryna görä, El-Nino wagtynda Ýuwaş ummanyň günbatar böleginde howa goşulýan maýyl akym ýerde ortaça ählumumy ýyllyk temperaturanyň ýokarlanmagyna getirýär.


Netijede, hünärmenler eger El-Ninonyň täsiri pes bolan ýagdaýynda rekord derejedäki yssy howanyň Bengal aýlagynda we Filippinlerde dörejekdigini çaklaýarlar. Eger El-Nino güýçli bolan ýagdaýynda Karib deňzinde, Günorta-Hytaý deňzinde, şeýle-de Amazonkanyň we Alýaskanyň etraplarynda yssy howa bolar.


Alymlar netijede sebitleriň çakdanaşa yssy howanyň netijelerini ýeňmek babatda häzirki mümkinçilikleriniň howp astynda galjakdygyny belleýärler.