Soňky habarlar

Arhiw

1-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

10:1201.03.2024
0
12580

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutanyny doglan güni mynasybetli gutlady, «Türkmenistan» awiakompaniýasy howa ýollaryny ösdürmek forumyna gatnaşýar, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümi 3-nji martda başlanar we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň doganlyk halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.

2. «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça ikinji maslahata gatnaşdylar. Çäre Tbilisi şäherinde wideomaslahat görnüşinde geçirildi. Oňa gatnaşyjylar sanly ulgam başlangyçlarynyň özara arabaglanyşygyny emele getirmek babatda täze pikirlere garadylar. Şeýle hem sanly ulgam boýunça merkez döretmegiň we synag taslamalaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

3. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň wekilleri Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde howa gatnawyny ösdürmek boýunça iň iri foruma gatnaşdylar. Bu çäre Malaýziýanyň demirgazyk-günbataryndaky Langkawi Halkara maslahatlar merkezinde geçirilýär. «Asia Routes» forumy Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde awia ulaglarynyň ulgamlaryny ösdürmek üçin tejribe alyşmak we bilelikdäki strategiýalary işläp düzmek üçin özboluşly meýdança bolup durýar.

4. Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki Baş edarasynda geçirilýän Medeni dürliligi goramak we höweslendirmek baradaky Hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisiniň işine gatnaşýar. Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň Medeni dürliligi goramak we höweslendirmek baradaky Konwensiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreler, şeýle hem 2025-nji ýylda onuň 20 ýyllygyny bellemegiň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Komitetiň 2024-2025-nji ýyllarda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamasyny tassyklandy.

5. Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Innopolis uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň taslamasynyň üstünde işleýärler we bu mesele boýunça ylalaşyk gazandylar. 28-nji fewralda Türkmen ýokary okuw mekdebiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow bilen Tatarystan Respublikasyndaky Russiýa uniwersitetiniň rektory Ýewgeniý Bobrowyň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Taraplar IT hünärmenlerini taýýarlamak pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we tejribe alyşmak, ylmy gözlegler we mugallymlary taýýarlamak babatynda özara hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar.

Dünýäde

6. ABŞ-ly astronomlar täsin açyşa – Gün ulgamynyň X planetasy diýlip atlandyran dokuzynjy planetasyny tapmaga golaý geldiler. Şeýle çaklamalara Koper guşagyndaky obýektleriň orbitalarynda ýüze çykýan geň anomaliýalar esas döredýär. Bu gyşarmalary Ýerden, takmynan, ýedi esse uly jisimiň grawitasiýa güýjüniň täsiri bilen bilen düşündirip bolar. X planetasy Günden 500-600 astronomik birligi uzakda ýerleşip, Gün ulgamynda ululygy boýunça bäşinji orunda durýar diýlip çaklanylýar.

7. Hytaýda aerotaksi ilkinji şäherara uçuşyň çäklerinde üstünlikli synag edildi. Synag uçuşy Şençžen we Çžuhaý şäherleriniň arasynda amala aşyryldy. Aerotaksi 20 minutda 50 kilometr geçdi, bu gury ýer ulagyndan üç esse çaltdyr. Bu uçara birbada 4 ýolagçy münüp bilýär. Ol öz aýratynlyklary esasynda 200 km/sag tizlige ýetmäge we 250 kilometre çenli aralyga uçmaga ukyplydyr. Aerotakside täjirçilik maksatly uçuşlar 2026-njy ýyldan başlap elýeterli bolup biler.

Sport habarlary

8. Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň birinji tapgyry 3 – 4-nji mart aralygynda geçiriler. Açylyş oýnunda «Aşgabat» paýtagtyň derbisinde «Köpetdagy» kabul eder. Duşuşyk 3-nji martda, ýekşenbe güni geçiriler. 2023-nji möwsümiň ahyrynda «Aşgabat» 30 utuk toplap, Ýokary liganyň sanawynda 5-nji orny eýeledi. «Köpetdag» ýyly 28 utuk bilen altynjy orunda tamamlady. Birinji tapgyryň oýunlarynyň esasy böleginiň 4-nji martda geçiriljekdigini bellemek gerek. Meýdançada «Altyn asyr» – «Şagadam», «Nebitçi» – «Merw» we «Ahal» – «Energetik» jübütleri duşuşarlar. Geçen ýylyň çempiony «Arkadag» birinji tapgyra gatnaşmaz.

9. Adybir «akylly şäheriň» «Arkadag» futbol topary «Arkadag-2» atly ätiýaçlyk toparyny döretdi. Ol Türkmenistanyň ýaşlar çempionatynda çykyş eder. Ýaşlar çempionaty 2-nji martda başlar. 2024-nji möwsümde ýaryşa 9 topar gatnaşar, ýaryş 4 tapgyrda geçiriler. Çempionatyň ilkinji iki tapgyry 24-nji maýa çenli dowam eder. «Arkadag-2» toparynyň ilkinji oýnuny 6-njy martda öz öýünde Aşgabadyň «Altyn asyry» bilen oýnajakdygyny bellemelidiris.

10. Şaýbaly hokkeý boýunça halkara federasiýasy hokkeý boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň üçünji diwiziýonynyň «B» toparçasyndan orun alan oýunlaryň geçiriljek senesini we başlanjak wagtyny yglan etdi. Duşuşyklar 4 — 7-nji martda Keýptaun şäherinde geçiriler. «A» toparça ýollanma almak üçin dört topar: Gonkongyň, Taýlandyň, Türkmenistanyň we GAR-yň ýygyndylary güýç synanyşarlar. Türkmenistanyň ýygyndysy ilkinji oýnuny 4-nji martda Taýlanda garşy geçirer. Maksat Ataýewiň şägirtleri 5-nji martda Gonkong bilen duşuşarlar hem-de 7-nji martda ýer eýesi GAR bilen boljak oýun bilen ýaryşy jemlärler. Duşuşyklaryň ählisi Keýptaun şäherindäki «Buz menzili» sport toplumynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň