Turkmenportal logo
28.02.24
1350513505
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Boliwiýa soňky 50 ýyldaky iň güýçli ýagyşlary başdan geçirdi
Surat: ria.ru

Güýçli ýagynlar Boliwiýada silleri we süýşgünleri döretdi diýip, «24KZ» ýazýar. Gark bolan ülkeleriň ýaşaýjylary öýlerini terk edýärler. Paýtagt La-Pas şäherini hem goşmak bilen, sebitleriň köpüsinde fewralda düşen ygallar elli ýyl mundan öň hasaba alnan rekord derejeden hem geçdi.


Geçen dynç günleri ýurduň demirgazygyndaky Kobiha şäherinde howpuň «gyzyl» derejesini yglan etdiler, bu ýerde Akri derýasynyň suwunyň derejesi 12 metr ýokarlandy. 200-den gowrak maşgalany göçürmeli boldy. Potosi şäherinde derýalar kenardan agyp, 400-den gowrak binany ýykdy.