Arhiw

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Katarda birnäçe duşuşyklary geçirdi

11:4327.02.2024
0
25761

Bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katara amala aşyrylýan iş saparynyň çäginde Dohada katarly kärdeşleri bilen bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy iş saparyň dowamynda Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň ýokary bilim bölüminiň başlygy Fransisko Marmoleho, guramanyň aspirantura bölüminiň müdiri Abir Al Halifa we Kataryň milli kitaphanasynyň müdiri Hamad Al Kawari bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda bilelikdäki ylmy maslahatlary, tejribelik we iş saparlaryny öz içine alýan ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, B.Orazdurdyýewa Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň «Bilim şäherçesine», Kataryň orta ylym we tehnologiýa mekdebine we Kataryň milli kitaphanasynyň binasyna aýlanyp gördi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň