Soňky habarlar

Arhiw

«MiniBoss» we «BigBoss» başlangyç telekeçileriň taslamalaryny goldamaga taýýar maýadarlary çagyrýar

17:5226.02.2024
0
18892

«MiniBoss Business School» hem-de «BigBoss Business School» okuw merkezleriniň guramagynda her ýylda geçirilýän Startaplar forumynyň öňüsyrasynda «Iş Nokady» kompaniýasy işewürlik maýadarlaryny ýaş telekeçileriň startap-taslamalaryny maliýeleşdirmekde goldaw bermäge çagyrýar.

Startaplaryň forumy — bu diňe bir adaty çäre bolman, eýsem halkara bilim ulgamynyň çäginde ýaş telekeçileri taýýarlamagyň möhüm bölegidir. «MiniBoss» we «BigBoss Business School» topary çagalara öz işewürlik ideýalaryny durmuşa geçirmäge kömek etmek üçin irginsiz tagallalary edýär.

«MiniBoss» we «BigBoss Business School» işewürlik mekdebinde okuwlar nazary bilimleriň çygryndan hem has ýokary derejede alnyp barylýar. Uzak wagtyň dowamynda ýaş telekeçiler dürli hili we saýlama pikirlenmek, taslamany dolandyrmak dünýäsine çuňňur aralaşýarlar. Okuwyň ikinji semestri olaryň öz telekeçilik we jemgyýetçilik taslamalaryny işläp taýýarlamaklary bilen döredijilikli döwre öwrülýär.

Işewürlige goldaw bermek isleýän maýadar — ýaş telekeçiniň taslamasyna şahsy maliýe serişdelerini goýmaga taýýar bolan garaşsyz maýa goýujydyr. Tejribeli telekeçiler startaplaryň forumynyň emin agzalaryna bolup, bu ýerde taslamalaryň awtorlary bilen duşuşarlar.

Ýaş telekeçileriň işewürliginiň maýadary bolmak hem-de 2024-nji ýylyň startaplar forumynda emin agzalaryň hataryna goşulmak üçin şu salgylanma arkaly anketany doldurmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň