Türkmenistanyň we Kataryň bilim ministrlikleriniň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

10:4526.02.2024
0
23326

25 — 28-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Katar Döwletiniň Doha şäherine iş saparyny amala aşyrýar.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, saparyň ilkinji gününde Katar Döwletiniň Bilim ministrliginiň merkezi binasynda Türkmenistanyň bilim ministri B.Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Katar Döwletiniň bilim, terbiýe we ýokary bilim ministri Buthaina bint Ali Al Jabr Al Nuaiminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplaryň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmak we bilim ulgamy boýunça özara tejribe alyşmak babatda iki ýurduň arasynda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenilip, bu ugur boýunça ikitaraplaýyn meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Katar Döwletiniň Milli muzeýi hem-de Kataryň Yslam sungaty muzeýi bilen tanyşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň