Soňky habarlar

Arhiw

Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde ýaşaýyş öýi ýandy

09:4724.02.2024
0
24975
Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde ýaşaýyş öýi ýandy
Surat: ria.ru

Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde dört adamyň ölümine sebäp bolan ýaşaýyş öýünde dörän ýangynyň pidalarynyň hatyrasyna üç günlük matam yglan edildi. Ýangyn netijesinde 14 adamyň ejir çekendigi, 20 adamyň dereksiz ýitendigi habar berilýär. Ýangyn köp gatly ýaşaýyş jaýyndaky öýleriň birinde tutaşdy we sanaýmaly minutlarda tutuş jaýy gaplap aldy. Bu barada «MIR 24» habar berýär.

Habarda tutuş binanyň bir ýarym sagatda doly ýanandygy bellenýär.

Dereksiz ýitenler gözlenilýär.

Jaýda 500 töweregi adam ýaşaýardy. Bu Walensiýanyň tutuş taryhynda iň güýçli ýangyndyr. Şäheriň meri Mariýa Hose Katala üç günlük matam yglan etdi. Ýurduň Hökümeti gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna gynanç bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň