Türkmen döwlet uniwersitetinde «Talyp gözeli — 2024» bäsleşigi geçirildi

14:5523.02.2024
0
53997

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda talyp gyzlaryň ugurtapyjylygyny, iş başarjaňlygyny, ruhubelentligini, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny bilşini, edep-ekramlylygyny, medeniýetini açyp görkezmek maksady bilen ýylyň-ýylyna geçirilýän «Talyp gözeli – 2024» bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry boldy.

Bäsleşige ýokary okuw mekdebiniň fakultetlerinden jemi on bir sany talyp gyzlar gatnaşyp, olar üç şert boýunça özara bäsleşdiler.

«Talyp gözeli – 2024» bäsleşiginiň birinji şertinde talyp gözelleri türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungatda we döredijilikdäki ukyp-başarnyklaryny hem-de üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, monologdyr sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler.

Bäsleşigiň ikinji şertinde bäsdeş gyzlar Gahryman Arkadagyň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, milli tagam bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler.

Üçünji şert boýunça talyp gyzlar «Hünärim bar — hormatym bar» ady bilen özleriniň zehinini, ussatlygyny, ezberligini, ukybyny we eliniň çeperligini ÝUNESKO-da orun tapan keşde çekmek sungaty arkaly açyp görkezdiler.

Gözellik bäsleşiginiň ýeňijileri ýörite eminler topary tarapyndan yglan edildi. Şeýlelikde, uniwersitetiň matematika fakultetiniň matematika hünäriniň 3-nji ýyl talyby Akgözel Ýagmyrowa Baş baýraga mynasyp bolup, jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşikde ýeňiş gazanan talyp gyzlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň