Türkmenistanda milli habar alyş-çalyş hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

17:3120.02.2024
0
42255

Türkmenistanda döredilen elektron habar alyş-çalyş hyzmatlary ýurtda ulanyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanyp başlady diýip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Turkmenportala» gürrüň berdiler.

Hususan-da, tekst habarlaryny, suratlary, wideolary we beýleki faýllary çalt alyşmak üçin «Start» messenjeri häzirki wagtda 350 müňden gowrak adam tarapyndan ulanylýar. Hyzmat «Google Play» we «App store» dükanlarynda ýükläp almak üçin elýeterlidir. Ykjam programma ses we wideo jaňlary üçin hem ulanylyp bilner.

Şeýle hem türkmenistanly ulanyjylar Sanly.tm portalynda täzeliklere, howa maglumatlaryna we güýmenje mazmunyna girmegi üpjün edýän 45 müňden gowrak elektron poçta gutusyny döretdiler.

Milli hyzmatlar örän sada we ulanyşy aňsat, olar Türkmenistanyň raýatlarynyň zerurlyklary göz öňünde tutulyp işlenip düzüldi. Geçirilen maglumatlaryň howpsuzlygyna örän uly üns berilýär – ygtybarly maglumat geçiriş protokollary we kriptografiýa ulanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň