Soňky habarlar

Arhiw

Gysga setirlerde: 20-nji fewraldaky sport habarlary

13:0020.02.2024
0
24120

Futbol / MMA. Ispaniýanyň «Real Madrid» kluby UFC-niň pälwany Iliýa Topuriýany ýarym ýeňil agram derejesindäki çempionlygy bilen gutlady.

MMA. UFC-niň ozalky çempiony Aleks Wolkanowski Iliýa Topuriýanyň güýjüne: «Ondan nämedir bir zatlary alyp goýup bolanok. Eger ol urgy etse ýykylarsyňyz, başga ýoly ýok» diýip jogap berdi.

Boks. WBC-niň guşagynyň eýesi Taýson Fýuri Aleksandr Usik bilen boljak tutluşygyň türgenleşiklerine başlady.

Futbol. «Milanyň» hojaýyny Žerri Kardinale klubyň tomusda transer üçin 100 million ýewro harçlamaga taýýardygyny aýtdy.

Futbol. «Barselona» Hwiça Kwarasheliýa üçin «Napola» 100 million ýewro çenli tölemäge taýýar.

Tennis. Dohada geçirilen halkara ýaryşdan soň zenanlaryň reýtingi täzelendi. Täze reýtingde ilkinji üç orunda üýtgeşme ýok. Iga Swýontek (Polşa) birinji, Arina Sobolenko (Belarus) ikinji, Kori Goff (ABŞ) üçünji orunda. Ýaryşyň finalçysy Ýelena Ribakina (Gazagystan) dördünji orna göterildi. Bu ornuň ozalky eýesi, amerikaly tennisçi Jessika Pegula bolsa bäşinji orna düşdi.

Futbol. «Brentforduň» hüjümçisi Aýwen Touni bilen «Wulhemptonyň» ýarymgoragçysy Pedru Netuni «Arsenalyň» tomusda esasy satyn almak isleýän oýunçylary.

Formula-1. «Mersedes» topary 2024-nji ýyldaky ýaryşlara gatnaşjak ulagy bilen tanyşdyrdy. Toparyň sürüjileri Lýuis Hemilton bilen Jorj Rasseldir.

MMA. Islam Mahaçýew Aleks Wolkanowskä tutulyşyndan soň: «Aleks, gürrüňsiz, ýarym ýeňil agram derejäniň iň beýik çempionlarynyň biri. Başyňy göter we güýçli bolup dolan!» diýip, göwünlik berdi.

Futbol. La Ligada «Atletiko» «Žironany» 3:2 hasabynda ýeňip, ýaryş tertibinde öňdäki dörtlüge göterildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň