Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

20-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

09:2420.02.2024
0
23582

Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, Türkmenistanda Meksikanyň täze ilçisi işe başlady, Türkmenistanda aýazly howa dowam eder we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, şu günler Türkmenistanyň welaýatynda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär.

2. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa duşenbe güni Meksikanyň Türkmenistandaky ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda diplomat Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ileri tutýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.

3. Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanda sowuk howa dowam eder, käbir sebitlerde gar gatyşykly ýagyş ýagar. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -8... -10 gradus sowukdan -1... +1 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1... -3 gradus sowukdan +7... +9 gradus aralygynda maýyl bolar.

4. 9-njy martda «Watan» kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr tarapyndan ýene-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin meşhur türk teleseriallarynyň aýdym-sazlary boýunça konsert berler. Konsert maksatnamasynda «Ajaýyp asyr», «Gara söýgi», «Ärtogrul» ýaly seriallaryň aýdymlary ýaňlanar.

5. Jiddada ýerleşýän Patyşa Abdel Aziz adyndaky halkara howa menzilinde «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdan bu şähere ilkinji uçuşynyň ýolagçylaryny garşy almak dabarasy geçirildi. Täze ugur Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ykdysady we medeni gatnaşyklary berkitmek maksady bilen döredildi, şeýle hem ol söwdany we syýahatçylygy ösdürmäge goşmaça itergi berer.

Dünýäde

6. Londondaky jaýda tämizlik işleri geçirilýärkä ýitirilen hasap edilýän «Q1» kompýuteriniň iki nusgasy tapyldy. 1972-nji ýylda çykarylan bu model dünýäde ilkinji doly integrirlenen iş stoly kompýuteridir we Stiw Jobs bilen Stiw Wozniakyň önüminden tutuş bäş ýyl öň öndürilendir. Londonda ýüze çykarylan enjamlar kolleksionerlar üçin hakyky tapyndydyr.

7. Emeli aň ulgamyndaky taslamalary bilen tanalýan Amerikanyň «OpenAI» gözleg merkezi «Sora» atly täze ulgamy tanyşdyrdy. Bu ulgam tekst beýany esasynda hakyky ýaly wideoşekilleri döretmäge ukyplydyr, bu bolsa mediakontenti we wideo önümçiligi üçin täze mümkinçilikleri açýar. «Sora» ulanyjylara islenýän sahnany diňe söz bilen suratlandyryp, wideo döretmäge mümkinçilik berýär. «Sora» elýeterlilik häzirki wagtda çäklidir. «OpenAI» ulgam bilen diňe saýlama gözlegçileriň we alymlaryň işlemegine mümkinçilik berýär.

Sport habarlary

8. Çarymyrat Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmenistanly eminler Russiýanyň «Rostow» hem-de Gazagystanyň «Astana» toparlarynyň arasynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda eminlik etdiler. BAE-däki türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde geçirilen oýun 1:0 hasabynda Waleriý Karpiniň şägirtleriniň peýdasyna tamamlandy. Ýoldaşlyk duşuşygynda Ç.Gurbanowa kömekçi eminleriň wezipelerini Akmyrat Gurbanow bilen Ahmet Begnazarow ýerine ýetirdiler.

9. Ispaniýanyň «Marca» gazetiniň habar bermegine görä, fransiýaly hüjümçi Kilian Mbappe Madridiň «Real» topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşmak barada ylalaşyk gazandy. Şertnama 2024-nji ýylyň tomsunda, haçan-da Mbappeniň «PSŽ» bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soňra güýje girer. 25 ýaşly Mbappe «Realyň» düzümine erkin agent hökmünde goşular. «Marcanyň» ýazmagyna görä, futbolçy möwsümiň ahyrynda topary terk etjekdigi barada gönüden-göni «PSŽ-niň» prezidentine mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň