Turkmenportal logo
19.02.24
2948129481
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen eminleri BAE-de geçirilen «Astana» — «Rostow» oýnuna eminlik etdiler
Türkmen eminleri BAE-de geçirilen «Astana» — «Rostow» oýnuna eminlik etdiler

Çarymyrat Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmenistanly eminler Russiýanyň «Rostow» hem-de Gazagystanyň «Astana» toparlarynyň arasynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda eminlik etdiler.


BAE-de geçirilen oýun 1:0 hasabynda Waleriý Karpiniň şägirtleriniň peýdasyna tamamlandy.


Ýoldaşlyk duşuşygynda kömekçi eminleriň wezipelerini Akmyrat Gurbanow bilen Ahmet Begnazarow ýerine ýetirdiler.


Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň çämpionatynda eminlik etmäge dalaşgär bolan FIFA derejeli türkmen eminleriniň 13-si hem-de halkara derejeli FIFA-nyň instruktorlarynyň 2-si BAE-niň Abu-Dabi şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýärler. Türgenleşik ýygnanyşygy 24-nji fewrala çenli dowam eder.