Top.Mail.Ru

Ulularyň ýarysyndan gowragy tümlükden gorkýar

11:2919.02.2024
0
20231

Ulularyň her dördünjisi gijelerine çyrany ýakyp ýatýar, her bäşinjisi eger garaňky bolsa, basgançakdan ylgaýar, olaryň ýarysyndan gowragy heniz hem çagalyk gorkusyndan saplanyp bilmeýändiklerini boýun alýar. Alymlar munuň adamyň «içindäki» çaganyň onuň bütin ömrüniň dowamynda ulalmaýandygy bilen düşündirýärler diýip, «MIR 24» ýazýar.

Amerikanyň striming gullugynyň bu ugurda uly ýaşly britanlaryň iki müňden gowragynyň arasynda geçiren pikirsoraşmasynyň netijeleri boýunça ulularyň 41 göterimi gijelerine ýeke galmagyň ýaramaýandygyny, 18 göterimi ýorgandan aýagyny çykarmaga gorkýandyklaryny aýtdylar. Olaryň 13 göterimi gijesine goňşularyň nämüçin goh edýändiklerini bilmäge gitmekden gorkýan ekeni.

Britanlar aýda ortaça bäş sany gorkunç düýş görýän ekenler. Olaryň ondan dördüsi garasuw bolup, 16 göterimi gygyryp oýanýar.

Pikiri soraşylanlaryň 28 göterimi özlerini düýşde yzarlaýandyklaryny, 26 göterimi beýiklikden gorkýandyklaryny gürrüň beripdirler.

Britaniýanyň psihologik jemgyýetiniň agzasy Jo Hemmings bu gorkyny uly adamlaryň tümlükde ýagdaýa gözegçilik etmek mümkinçiliginiň ýokdugy bilen baglanyşdyrdy.

Howp ýok bolsa-da, şeýle ýagdaýda gorky gorag guraly hökmünde adam beýnisini ýokary taýýarlyk ýagdaýynda saklaýar diýip, «Daily Mail» neşiri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň