Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollarynyň» uçary Jiddada garşylandy

17:5317.02.2024
0
34622

16-njy fewralda Saud Arabystanynyň Jidda şäherindäki Patyşa Abdulaziz adyndaky halkara howa menziline Aşgabatdan «Türkmenhowaýollary» agentliginiň uçary täze açylan howa gatnaw ugry boýunça ilkinji göni uçuşyny amala aşyrdy. Uçar bilen 279 ýolagçy Jidda bardy. Bu barada agentlik habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ilkinji uçuşyň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, bu ýerde Türkmenistanyň ilçisi Orazmuhammet Çaryýewiň, Saud Arabystanynyň Raýat awiasiýasynyň baş müdirliginiň prezidentiniň geňeşçisi Süleýman Al-Bassamyň we Jidda howa menziliniň baş müdiri Mazen Joharyň, şeýle hem Saud Arabystanynyň beýleki ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy.

Mazen Johar Türkmenistandan göni uçuşlaryň başlamagynyň Jidda howa menziliniň Patyşa Abdulaziz adyndaky halkara howa menzili arkaly howa gatnawlarynyň sanyny giňeltmek strategiýasyna laýyk gelýändigini aýtdy. Bu Saud Arabystanynyň Milli awiasiýa pudagy strategiýasynyň howa menzilini 150 halkara ugur bilen birleşdirmek we 2030-njy ýyla çenli 114 million ýolagçyny garşylamak maksadyna goşant goşýar.

Hepdede iki gezek amala aşyryljak howa gatnawlary ykdysady gatnaşyklary berkitmek, haj we umra zyýaratçylary, jahankeşdeler ýaly ýolagçylar üçin söwda we syýahat amatlylygyny ýokarlandyrmak hem-de Saud Arabystany bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmek üçin ýola goýuldy.

Patyşa Abdulaziz adyndaky halkara howa menzili 2023-nji ýylda 42,7 milliondan gowrak ýolagçyny gatnadyp, bu babatda 2022-nji ýyldaky 31,4 million ýolagçydan 36 göterim ýokary netije gazandy we howa menzilinde ýyllyk ýolagçy gatnawy boýunça täze rekord goýdy.

Jidda Gyzyl deňziň kenarynda, Saud Arabystanynyň port şäheridir. Ol diňe bir häzirki zaman ykdysady merkez däl-de, eýsem musulmanlaryň mukaddes şäherleri bolan Mekge we Medinä zyýaratçylaryň ýygnanýan ýeri.

Ozal 15-nji fewralda Aşgabatdan Kuala-Lumpura howa gatnawlarynyň ýola goýlandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň