«Türkmenistan» awiakompaniýasy Malaýziýa göni uçuşlary ýola goýýar

09:5516.02.2024
0
29165

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň (Malaýziýa) arasynda täze uçuş hyzmatyny açdy. Bu barada HHM habar berýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabatdan Kuala-Lumpur şäherine uçuşlar sişenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar. Malaýziýadan Türkmenistana uçuşlar bolsa çarşenbe we penşenbe günleri meýilleşdirilýär.

Şeýlelikde, täze howa hyzmaty Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda türkmen raýatlary we beýleki ýurtlaryň syýahatçylary üçin täze syýahatçylyk mümkinçiliklerini açar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň