Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan kibersport boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşar

12:2717.02.2024
0
40915

Kibersport boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy şu ýylyň tomsunda Özbegistanda geçiriljek Merkezi Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görýär.

Sebitiň çempionatynda toparlar «PUBG Mobile», «eFootball», «Dota 2» we «Counter-Strike 2» oýunlary boýunça bäsleşerler.

TürkmenistanElektron sport federasiýasynyň başlygy Nazar Ödemyradowyň aýtmagyna görä, sebitde elektron sportuň ýola goýlandygyna köp wagtyň geçmändigine garamazdan, ýurt halkara arenasynda gowy netijeleri görkezýär.

Maglumat üçin, Türkmenistan Merkezi Aziýada eSport hereketiniň düýbüni tutujy — sebitde Milli elektron sport federasiýasyny döreden ilkinji ýurt hasaplanýar.

Türkmen kibersportçulary häzirki wagtda ösen tehnologiýalary ulanmak bilen ýaryşa taýýarlanýarlar. Türgenleri doly taýýar ýagdaýa saklamak üçin tälimçiler, psiholog we bedenterbiýe hünärmeni gözegçilik edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň