Dünýä jemgyýetçiligi häzirki wagt sowuk uruş döwründäkiden hem howply ýagdaýda dur, dünýä ýurtlarynyň arasyndaky bölünişik we agzalalyk soňky 75 ýylda iň ýokary derejä ýetdi.
Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş 16-njy fewralda Howpsuzlyk boýunça Mýunhen maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.
Baş sekretaryň sözlerini «DW News» neşiri özüniň «Youtubedäki» ýaýlymynda çap etdi diýip, «Izwestiýa» ýazýar.
«Biz adatdan daşary iki sany aýratyn howp bilen iş salyşýarys: howa krizisi we emeli aňyň gözegçiliksiz töwekgelçiligi» diýip, guramanyň ýolbaşçysy nygtady.
Guterriş halkara jemgyýetçiligiň bu görkezilen howplaryň garşysyna täsirli çäre görüp bilmeýändigini görkezdi.
Howpsuzlyk boýunça 60-njy Mýunhen maslahaty 16-18-nji fewralda geçýär. Onuň çäklerinde syýasatçylaryň resmi däl we şahsy duşuşyklary geçirilýär, olarda howpsuzlyk boýunça täze başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşylýar.