Kazanda Magtymgula bagyşlanan ylmy maslahaty geçiriler

12:4716.02.2024
0
22174
Kazanda Magtymgula bagyşlanan ylmy maslahaty geçiriler
Surat: gov.tm

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Güýç Garaýew Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Aýnur Timerhanow bilen duşuşdy. Duşuşykda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki türkmen-tatarystan ylmy maslahatyny guramak meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen tarapynyň bu teklibi Tatarstan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan oňyn kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ylmy maslahata taýýarlyk görmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek we gün tertibini taýýarlamak hem-de beýleki degişli çäreleri görmek barada ylalaşdylar.

Çäre ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny alymlarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlarynyň, Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň ymy işgärleriniň, Medeniýet ministriginiň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda geçiriler.

Taraplar türk halklarynyň taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny we filosofiýasyny öwrenmek ugrundaky hyzmatdaşlygyň türkmen-tatarystan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görülýändigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň