Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň tälimçisi Özbegistanyň «Nawbahor» klubunda tejribelik geçýär

07:1113.02.2024
0
22087

Futbol boýuça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U-23) baş tälimçisi Ahmet Agamyradow 9 — 15-nji fewral aralygynda Özbegistanyň «Nawbahor» klubunda tejribelik geçýär. Bu barada Championat.Asia saýty habar berdi.

Bu tejribelik tälimçilik boýunça PRO ygtyýarnamasyny almak üçin geçirilýän okuwlaryň bir bölegi bolup, A.Agamyradow onuň dowamynda «Nawbahor» klubunda ýaş oýunçylaryň taýýarlanylyşy, toparda dürli ýaşdaky toparlara tälim berlişi bilen tanyşar hem-de klubuň tälimçiler ştaby bilen tejribe alşar.

Ýeri gelende bellesek, «Nawbahor» 2023-nji ýylyň güýzünde Aziýanyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Özbek topary 1/16 finalynda Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» topary bilen güýç synanyşar.

Ahmet Agamyradow 2021-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyna tälim berýär. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy onuň türgenleşdirmeginde 2022-nji ýylda taryhda ilkinji gezek Aziýanyň çempionatynyň çärýek finalyna çykmagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň