Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

05:4610.02.2024
0
18390

Prezident Serdar Berdimuhamedow 9-njy fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi.

Giňişleýin Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany ýygnananlara ýüzlenip, geçen ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi we 2024-nji ýylda döwletiň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi:

«Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde, biz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýylda uly üstünlikleri gazandyk, bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirdik.

Döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 4,3 göterim, söwdada 12,8 göterim, oba hojalygynda bolsa 4,4 göterim boldy. Maýa goýumlar 7,5 göterim artdy. Hasabat döwründe jemi 12 müň 274 sany täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 11,4 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 78 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgany, umumy meýdany 1 million 897 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar.

Geçen ýyl biz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda gurlan ilkinji «akylly» şäheri — Arkadag şäherini dabaraly ýagdaýda açdyk. Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisini, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasyny dabaraly açyp ulanmaga berdik. Şeýle hem dürli ugurly täze kärhanalaryň onlarçasy işe girizildi.

Daýhanlarymyz ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.

2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etdik. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini ýene-de artdyrdyk.

Paýtagtymyz Aşgabatda ýokary derejede geçirilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy.

Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy has-da ýokarlanýar. Biz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli ösdürýäris. Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Bitarap ýurdumyzyň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň halkara derejede uly goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bitarap Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyz dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen dürli görnüşdäki gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär.

Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy esasynda ýurdumyzyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlige eýe boldy.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdik. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, watançylygymyzy ýokarlandyrmaga, ýaşlarymyzy terbiýelemäge, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Biz şu ýyl Aşgabat şäherinde bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desgany, «Dokmaçylar» medeni merkezini, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligini we medeni-seýilgäh toplumyny, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 13 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezlerini, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyryny, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalary, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumyny, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyryny, Mary şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasyny gurup ulanmaga tabşyrarys. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi işe giriziler.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz we elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe halkara çäreleri geçireris.

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini, baý mazmunly goşgularyny dünýä ýaýmakda professor-mugallymlaryň, edebiýatçylaryň, döredijilik işgärleriniň hyzmaty örän uludyr. Şunuň bilen birlikde, şahyryň döredijiligini giňden wagyz etmekde daşary ýurtly raýatlar hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň we daşary ýurtly döredijilik işgärlerini täze döredilen ýubileý medaly, Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglamak boýunça degişli teklipleri taýýarlamaly. Ýylymyzyň aýratyn möhüm wakalary bolan bu şanly seneleri geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmeli.

Hormatly adamlar!

Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin kabul eden maksatnamamyz örän köp işleri öz içine alýar. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Men halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2024-nji ýylda bellän sepgitlerimize, maksatlarymyza ýetjekdigimize berk ynanýaryn».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň