Turkmenportal logo
09.02.24
146811146811
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«PETRONAS Çarigali» kompaniýasy işe çagyrýar

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy boş iş orunlary boýunça bäsleşik yglan edýär:


1. Kömekçi operator (iş ýeri Gyýanly obasy)


  • Orta mekdep diplomy (atestat) ýa-da deň derejeli resminamasy bolmaly
  • IT-ulanyjy goldawynda azyndan 1 ýyl tejribesi bolmaly
  • Iňlis, rus we türkmen dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli
  • IT enjamlary we programma üpjünçiligi bilen işlemekde esasy başarnyklary bolmaly
  • Goldaw inženerleriniň işini meýilleşdirmek we utgaşdyrmak ukyby bolmaly

2. Hünärmen (operasiýa inženeri) — iş ýeri: Gyýanly obasy


Bildirilýän talaplar:


  • Ýokary tehniki bilim
  • Nebit we gaz desgalarynda mehaniki we/ýa-da gural inženeri hökmünde azyndan 5 ýyl iş tejribesi
  • Işgärleriň başarnyklaryny bahalandyrmak we okuw geçirmek tejribesi ileri tutulýar
  • iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli
  • «MS Offiee» programmasyny bilmeli

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän edara binasynda alyp bilersiňiz («B» blok).


Doldurylan sowalnamalar «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysyna ugradylyp bilner.


Söhbetdeşlige diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler çagyrylar.