Turkmenportal logo
09.02.24
2154721547
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşarSurat: belta.by

Russiýada ýurduň Prezidentiniň öňde duran saýlawlarynda dalaşgärleri bellige almak tamamlandy. Düýn, 8-nji fewralda Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýygnagynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň sanawy tassyklandy diýip, «Belta.by» ýazýar.


RF-niň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowanyň sözlerine görä, saýlaw býulletenlerine öň bellige alnan dört dalaşgäriň, ýagny erkin dalaşgär hökmünde gatnaşýan ýurduň häzirki Prezidenti Wladimir Putiniň, Liberal-demokratlar partiýasyndan Leonid Sluskiniň, Kommunistik partiýadan Nikolaý Haritonowyň we «Nowyýe lýudi» partiýasyndan Wladislaw Dawankowyň atlary giriziler.


Russiýada Prezident saýlawlarynda ses berlişik 15,16 we 17-nji martda geçer, bu ýurtdaky ilkinji üç günlük Prezident saýlawlary bolar.