Soňky habarlar

Arhiw

«Apple» kompaniýasynyň enjamlaryny iki milliarddan köp adam ulanýar

12:3007.02.2024
0
23586
«Apple» kompaniýasynyň enjamlaryny iki milliarddan köp adam ulanýar
Surat: gazeta.ru

Bütin dünýäde «Apple» kompaniýasynyň iPhone, iPad, Mac we beýleki enjamlaryny iki millarddan gowrak adam işjeň ulanýar. Bu barada «MacRumors» edarasy bu kompaniýanyň ýitgileriniň we girdejileriniň 2024-nji ýylyň birinji maliýe çärýegi boýunça deslapky hasabatyna salgylanyp habar berdi. «Appleniň» baş direktory Tim Kuk munuň täze rekorddygyny nygtady.

«Apple beýleki enjamlary barada sanlary getirmedi, emma onuň iPhone smartfonlaryny tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak adam ulanýar» diýip, «MacRumors» edarasyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň